Gandbol boýunça fakultetara sport bäsleşigi

 2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli sportuň gandbol görnüşi boýunça fakultetara ýaryş geçirildi. Ýokary okuw mekdebimiziň Kärdeşler Arkalaşygy we ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda guralan bäsleşikde Halkara hukugy we Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetleriniň talyp oglanlaryndan düzülen toparlar özara ýaryşdylar.

 Çekeleşikli geçen bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşan talyp ýaşlar toparlaryň hersine uly gyzyklanma bilen janköýerlik etdiler. Gyzgalaňly ýaryşyň geçirilmegi talyp ýaşlarda sportuň gandbol görnüşine bolan uly höwesi döretdi.

 Ýaryşyň ahyrynda emin agzalary tarapyndan ýeňiji bolan topara institutymyzyň Kärdeşler Arkalaşygynyň we ilkinji Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgady gowşuryldy.

 Bäsleşikde ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.


Tawus AKJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby