Fotosurat bäsleşigi

 2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň gurnamagynda “Aşgabadyň fotosuratlara siňen taryhy” atly fotosurat bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň şerti merjen şäherimiz Aşgabadyň taryhyny fotosuratlaryň üsti bilen beýan etmek, fotosuratlaryň arhiwini döretmek we taryhy teswirleri, seneleri ýazmakdan ybarat bolup durýar.

 Bäsleşik Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyp toparlarynyň arasynda geçirilip, her topar özleriniň fotosuratlaryny bäsleşige hödürlediler. Fotosurat bäsleşiginde Baş baýraga Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary, I orna 2-nji ýyl talyplary, II orna 4-nji ýyl talyplary we III orna 1-nji ýyl talyplary mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlar Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.


Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

 II ýyl talyby.