Fakultatiw okuw sapagy geçirildi

 Häzirki döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup Ulag diplomatiýasy çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde «Ulag diplomatiýasy» ugruna degişli ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda fakultatiw okuwlar ýokary derejede geçirilýär. Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde tassyklanan meýilnamalara laýyklykda «Türkmen Logistika» Аssosiasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda fakultatiw okuw sapaklary alnyp barylýar hem-de olaryň netijeleri boýunça merkeziň diňleýjileri tarapyndan nutuklar, prezentasiýalar taýýarlanylýar.

 2021-nji ýylyň 27-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň «Ulag diplomatiýasy» ugry boýunça fakultatiw okuw sapagynda “Amatly-Ýollar” hojalyk jemgyýetiniň logistikany ösdürmek boýunça baş hünärmeni  Arslan Muradow « Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri we bu babatda  Türkmenistanyň  öňe süren halkara başlangyçlary» atly tema boýunça umumy sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Talyplar üçin okuw sapagy örän täsirli boldy.


Berdinyýaz GOŇUROW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.