Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň göçme kubogy ugrundaky bäsleşik

 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň kubogy ugrundaky ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda energetika, ulag we suw diplomatiýasy ugurlary boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň,  şeýle hem göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Emin agzalarynyň toparyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili, «Bir dünýä» hususy kärhanasynyň başlygy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hünärmeni düzdi. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatyny we ilkinji nobatda energetika, ulag we suw diplomatiýasy ugurlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen öňe süren başlangyçlaryny giňişleýin öwrenmäge gönükdirildi.

Toparlar tanyşlyk, soraglara jogap bermek, dürli ýagdaýlardan ugurtapyjylyk bilen çykalga tapmak, prezentasiýa taýýarlamak ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä, 1-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň topary, 2-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary, 3-nji orna bolsa, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen toparlar mynasyp boldular. Ýeňijilere degişli Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşik tamamlanandan soň, talyplar hormatly Prezidentimize parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy, şeýle hem dünýä halklarynyň gülläp ösmegini üpjün etmek ugrundaky başlangyçlary we tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Ýulduz ASTANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiň I ýyl talyby