Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan okuw sapagy

 2021-nji ýylyň 11-nji martynda Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan okuw sapagy guraldy. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan geçirilen okuw sapagyna Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, şeýle hem bu mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.

 Ýaş ilçiler tarapyndan alnyp barlan sapagyň barşynda Durnukly ösüş maksatlarynyň jogapkärçilikli sarp edişe we durnukly önümçilige gönükdirilen   12-nji maksadyna aýratyn üns berildi. Okuw sapagynyň dowamynda 12-nji maksadyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezildi.

 Hususan-da, sapakda ýaş ilçiler jogapkärçilikli sarp edişiň we durnukly önümçiligiň ykdysady hem-de daşky gurşaw bilen baglanyşykly meselelerinde oňyn çözgüt tapmagyň aýratyn möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

 Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň öz başarnyklaryny ýüze çykaryp bilmekleri ugrunda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Meýlis Hojamyradow, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi.