Durnukly ösüş maksatlary boýunça tapgyrlaýyn geçirilýän okuw sapaklary tamamlandy

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan 2020-2021-nji okuw ýyly üçin ylalaşylan okuw maksatnamasyna laýyklykda tapgyrlaýyn gurnalýan okuw sapaklary tamamlandy. Okuw maksatnamasyna laýyklykda geçirilen okuw sapaklary Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky sport mekdeplerinde, Döwlet medeniýet merkeziniň garamagyndaky Döwlet muzeýinde we Döwlet kitaphanasynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdeplerinde, şeýle hem ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda degişli maksatnama laýyklykda gurnaldy.

 Durnukly ösüş makstlary boýunça okuw sapaklary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň wekilleri, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri tarapyndan ýokary derejede alnyp baryldy.

 Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň wekilleri, şeýle hem onuň Ýaş ilçileri sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara derejesindäki duşuşyklara hem yzygider gatnaşýarlar. Muňa mysal edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasy tarapyndan gurnalan BMG-nyň Baş sekretarynyň, şeýle hem beýleki ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda “Biziň isleýän gelejegimiz, Birleşen Milletler Guramasyndan garaşýanlarymyz” atly duşuşygyny, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda “Durnukly ösüş maksatlary ýaşlaryň gözi bilen” atly duşuşygyny, BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň guramagynda Ykdysady we durmuş geňeşiniň ýolbaşçysynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýaşlar baradaky wekiliniň we beýleki ýokary derejeli adamlaryň gatnaşmagynda geçirilen Ýaşlar forumyny  we beýleki ýokary derejeli duşuşyklary görkezmek bolar.

 Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri we institutymyzyň talyplary Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Bu aýdylanlary institutyzyň 1-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesowyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny wagyz etmek maksady bilen gurnalan düzme ýazmak boýunça ýaryşyň ýeňijisi bolmagy, şeýle hem talyplarymyzyň S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk we Gazak-German uniwersitetleriniň bilelikde gurnamagynda talyplaryň arasynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen halkara onlaýn olimpiadanyň milli tapgyrynyň ýeňijileri bolmaklary we beýlekiler aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

 Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri bu maksatlar boýunça möhüm maglumatlary bermek maksady bilen BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň guramagynda geçirilýän okuw sapaklaryna hem işjeň gatnaşýarlar we olar degişli sertifikatlar bilen sylaglanýarlar. Şeýle hem, Durnukly ösüş  maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan gurnalýan okuw  sapaklary milli we halkara teleýaýlymlarynda yzygider şöhlelendirilýär. 


Gapbar HALLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy,

Durnukly ösüş  maksatlary boýunça 

 ylmy-usulyýet merkeziniň utgaşdyryjysy