DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN BAÝRAMÇYLYK MASLAHATY

  2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen!» atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Baýramçylyk maslahatyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

  Baýramçylyk maslahatyň barşynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň  ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny aýratyn nygtap, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramçylygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar.

  Baýramçylyk çäresinde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatymyzda gazanylýan beýik özgertmeleri giňden wagyz etmekde we medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşmakda işjeňlik görkezen institutyň talyplaryna we ýaş mugallymlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

  Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.


Süleýman KULYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.