DAŞARY ÝURT DILLERI – DÜNÝÄ ÝOL AÇÝAR

  2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda 2020-nji ýylyň 1-5-nji dekabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen Hytaý dili boýunça internet olimpiýadasyna gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolan Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby Rüstem Gurbanow, I ýyl talyby Didar Islamow hem-de Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby Döwlet Garajaýew dagylary hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabara institutyň professor-mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlary gatnaşdylar.

  Dabaranyň barşynda, Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren Türkmenistanda daşary ýurtdillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändigini aýdyp,ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmeklerine bolan gyzyklanmalarynyň artmagy bilen bagly ähli şertleriň hem-de mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary gutlady we şeýle olimpiadalara işjeň gatnaşyp nobatdaky üstünliklere eýe bolmaklaryny arzuw etdi.

  Dabaranyň ahyrynda talyplar daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmäge, ukyp-başarnyklaryny açyp dünýä çykmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.



Rüstem GURBANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby