Dabara beslenen şanly baýramçylyk

2021-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly zalynda “Arkadagly Diýarda toý toýlaýar halkymyz” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagy tarapyndan gurnalan çärä  institutyň talyp ýaşlary, “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagynyň agzalary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak ugrunda gözel Diýarymyzda we institutymyzda alnyp barylýan işler baradaky täsirli maglumatlar bilen tanşyldy. Talyplar hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanan nurana eserleriniň özlerinde galdyran ýakymly eserleri barada gyzykly  gürrüň berdiler. Soňra  ýokary okuw mekdebiniň  çeper höwesjeňleri Garaşsyz, Arkadagly Watanymyzy joşgunly  wasp edýän aýdymdyr, tanslar bilen çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar baýramçylyk dabaralaryny döwrebap geçirmäne döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Resul GYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary

 fakultetiniň I ýyl talyby.