BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

 2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara ynsanperwerlik hukugyny we Halkara Gyzyl Haç Komitetini esaslandyryjy Anri Dýunanyň doglan güni mynasybetli bäsleşik geçirildi. Oňa ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşige adalatly baha bermek üçin Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekili, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri emin agzalary hökmünde gatnaşdylar.

 Bu bäsleşik  gatnaşyjylaryň halkara hukugy we halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimlerini artdyrmagyna we tejribede ulanmagyna gönükdirilip, gatnaşyjy toparlar özlerini tanyşdyrmak, dürli soraglara jogap bermek we her dürli ýagdaýlarda baş alyp çykmak, şeýle-de prezentasiýalardyr-wideorolikleri taýýarlamak şertler boýunça bäsleşdiler.

 Bäsleşigiň ahyrynda iň işjeň çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary, aýratyn tapawutly çykyş eden Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine hem-de ýeňiji topar diýlip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň topary yglan edildi. Olara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň gatnaşyjylary bolan ýaş hukukçy talyplar öz bilimlerini artdyrmak üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyza köp sag bolsunlar aýtdylar.

                                                                         

                                                               Aýbölek  AMANGELDIÝEWA,

                                                       Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                                       Halkara gatnaşyklary institutynyň III ýyl talyby