ÇEKSEŇ ZÄHMET-ÝAGAR REHNET

 2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işjeň çykyş etmekde aýratyn tapawutlanan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada ýurdumyzyň syýasy durmuşynda bolup geçýän wakalary wagyz etmekde we halkymyza ýetirmekde yzygiderli işjeň çykyş eden talyplar – Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jahan Öräýewa, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Laçyn Hojaýewa, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jumamyrat Gutlyýew, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Laçyn Berdimyradowa, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Aýsenem Ataýewa, Sona Halykowa institutyň Hormat hatlary we Kärdeşler arkalaşygynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Şeýle hem, talyplar birnäçesi höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandylar. Geçirilen bu şatlykly dabara, talyplara ýakymly duýgulary bagyşlap, geljekde mundan beýläk-de, işjeň çykyş etmäge, döredijilik bilen meşgullanmakda ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga uly höwes döretdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okamaga, öwrenmäge döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.


Laçyn BERDIMYRADOWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby