Bütindünýä temmäkisiz gün

 Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bolan Türkmenistan Watanymyza Ýer ýüzünde uly derejede hormat-sarpa goýulýandygyna biziň her birimiz şaýat. Hawa, bagtyýarlyga beslenen zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Saglyk” maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy halkara derejesine çykaryldy. Ýurdumyz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň agzasy bolan döwründen bäri, ýagny 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk getirmek, lukmançylykda halkara kadalary ulanmak, dürli keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça köp işleri amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Biziň Watanymyz dünýä ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýmakda BMG tarapyndan alnyp barylýan dürli başlangyçlara goşulýar. Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped güni biziň ýurdumyzda uly çäreler bilen bellenilýär. 31-nji maýyň Bütindünýä temmäkisiz gün diýlip yglan edilmegi hem sagdyn durmuş ýörelgelerini goldamaga uly ýardam berýär.

 Millionlarça adamlar öýken keseli, inçe kesel, astma ýa-da temmäki zerarly beýleki öýken keselleri bilen ýaşaýarlar. BSG-niň Baş direktory, doktor Tedros Adhanom Gebrees: “Her ýyl temmäki zerarly azyndan 8 million adam aradan çykýar. Sagdyn öýken sagdyn ýaşaýyş üçin zerur. Bu gün hem-de her gün temmäkä “ýok” diýmek bilen, siz öz öýkeniňizi, öz dostlaryňyzy we maşgalaňyzy gorap bilersiňiz!” diýip belleýär.

 2017-nji ýylyň maglumatlaryna görä, her ýylda temmäkini ulanýanlaryň hem-de ikilenç tüssäniň täsirine düşýän adamlaryň 3,3 milliony öýken kesellerinden aradan çykýar. Şol sanda, 1,5 million adam  hroniki öýken we dem alyş ýollarynyň kesellerinden, 1,2 million adam traheýanyň, bronhanyň  we öýkeniň rak keselinden, 6000 adam dem alyş ýollarynyň kesellerinden ýogalýarlar.

 Bütindünýä temmäkisiz günüň öňüsyrasynda BSG ýurtlary we hyzmatdaşlaryny adamlary temmäkiniň täsirinden goramak boýunça hereketleri işjeňleşdirmäge çagyrýar.

 Bütindünýä Saglyk Guramasy temmäkä garşy göreşmegiň çarçuwalaýyn konwensiýasy doly ýerine ýetirilmeginiň, BSG tarapyndan maslahat berilýän “MPOWER” syýasatynyň çärelerini öz içine almak bilen, temmäkä garşy göreşiň netijeli çärelerini durmuşa geçirmegiň ýoly bilen ähli ýurtlary temmäki epidemiýasyna garşy göreşmäge çagyrýar. Ol çäreleriň biri hökmünde salgydy ýokarlandyrmak, tüssesiz ýerleri döretmek we çilim çekmegi bes etmegi goldamak usullary bilen temmäkä bolan islegi peseltmek mysal bolup biler.

 Temmäkiniň öýkeniň saglygyna ýetirýän zeperlerini hemmämiz bilýäris. Temmäki çekmeklik dem alyş ýollarynyň hroniki obstruktiw keseliniň esasy sebäbi bolup durýar. Bu ýagdaýda öýkendäki riň suwuklygy agyr üsgülewige we dem alşyň agyrlaşmagyna getirýär. Bu keseliň ösmekligi, esasan hem, ýaş wagtynda çilim çekmäge başlan adamlarda hem-de passiw çilim çekmeklige sezewar bolýan adamlarda has köp duş gelýär, sebäbi temmäki tüssesi öýkeniň ösüşini haýalladýar.

 Temmäki çekmek öýkeniň rak keseliniň esasy sebäbi bolup, bütin dünýäde öýken keselleri zerarly ölümleriň üçden iki bölegi onuň paýyna düşýär. Tüssäniň öýde, işde ýa-da başga ýerlerde passiw täsir etmegi hem öýkeniň rak keseliniň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Çilim çekmekden ýüz öwürmek öýkeniň rak keseliniň mümkinçiligini peseldip bilýär. 10 ýyl çilim çekmekden ýüz öwrülenden soňra öýkeniň rak keseli bilen kesellemegiň töwekgelçiligi çilim çekýän adamyňky bilen deňeşdireniňde iki esse pes bolýar.

 Temmäki, şeýle hem dem gysma keselini agyrlaşdyrýar, ol bolsa işjeňligi çäklendirýär we maýyplyga hem getirip bilýär. Çilim çekmegi ir taşlamak dem alyş ýollarynyň keseliniň ösmeginiň garşysyna hem-de dem gysma keseliniň alamatlarynyň gowulaşmagy üçin iň netijeli serişdedir. Temmäkiniň tüssesi otaglaryň içinde howanyň hapalanmagynyň esasy sebäbi bolup durýar. Onda 7000-den gowrak himiki maddalar bolup, olaryň 69-sy, mälim bolşy ýaly, rak keseline getirýär. Tüsse göze görünmeýär, ol howada bäş sagada çenli saklanyp bilýä.

 Goý, döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly sagdynlyga, ruhubelentlige, sporta beslenip, adamlaryň kalby elmydama şatlykdan, buýsançdan doly bolsun!


Kanunmyrat HALLYÝEW,

 Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň

 Halkara  žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.