Bitaraplyk-parahatçylygyň we ösüşiň gözbaşy

2021-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde gurnamagynda “Bitaraplyk- dillerimiziň senasy” atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Şeýle hem ol ýerde bu şanly senä bagyşlanylan sergi ýaýbaňlandyryldy.

Baýramçylyk maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, t.y.k. Jumamyrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzasy, Halk maslahatynyň Halkara meseleleri baradaky komitetiň başlygy Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we Parlamentara gatnaşyklary baradaky komitetiniň başlygy Merdan Tuwakow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa, institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Täçnabat Paýtykowa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň taryhy we onuň halkara giňişligindäki ähmiýeti barada giňişleýin bellenilip geçildi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Şeýle hem institutyň öňdebaryjy işgärleriniň birnäçesine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiziň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.


 

Aýna ÖWEZGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara

gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy

  fakultetiniň talyby.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/59262/bitaraplyga-bagyslanan-dabara