Birleşen Milletler Guramasynyň "Halkara parahatçylygy goraýjylaryň güni”

 Birleşen Milletler Guramasynyň "Halkara parahatçylygy goraýjylaryň güni” – 2003-nji ýyldan bäri her ýylyň 29-njy maýynda bellenilip gelinýär.

 1948-nji  ýylyň  bu gününde Birleşen Milletler Guramasy “BMG-niň ýaraşyk şertleriniň ýerine ýetirilişiniň gözegçiligi gullugy” diýlip atlandyrylan parahatçylyk missiýasy  ilkinji gezek öz işini Palestinada başlady. BMG-niň "Halkara parahatçylygy goraýjylar güni" BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen A/RES/57/129 belgili Rezolýusiýasy esasynda 2002-nji ýylda döredildi. Bu gün BMG-niň ýolbaşçylaryna bu Rezolýusiýany tassyklamak teklibi BMG-niň Parahatçylygy goraýyş işleri boýunça ýörite komitetiniň hasabatynda  berildi. Geňeş ýüzden gowrak ýurdy öz içine aldy. Baş Assambleýanyň A/RES/57/129 belgili Rezolýusiýasynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri, hökümete dahylsyz guramalary we şahsyýetlere pida bolanlara hormat hökmünde bellemek, bu ýerde hyzmat edenlere we hyzmat etmeklerini dowam etdirýänlere hormat nyşany hökmünde bellemäge çagyrdy. Rezolýusiýada BMG-niň parahatçylygy goraýjy Ýaragly güýçlerine dünýäniň goldamagy esasynda 1988-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglanandygy bellenilýär.

 Her ýylyň 29-njy maýynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky merkezi edarasynda BMG-niň Baş sekretary öz borjuny ýerine ýetirip wepat bolan parahatçylygy goraýjylaryň hatyrasyna gül desseleriniň goýluş dabarasyny geçirýär. Parahatçylygy goraýjylaryň hatyrasyna BMG-niň Baş sekretary wepat bolanlaryň hormatyna bagyşlanan ýörite baýragy “Dag Hammarşeld medalyny” (Dag Hammarşeld - BMG-niň wepat bolan  Baş sekretarynyň hormatyna) döretdi. Şu gün geçen ýylyň dowamynda  harby borjuny ýerine ýetirip, parahatçylygy goramakda wepat bolanlara Dag Hammarşeldyň medalynyň sylaglanyşy geçirilýär.

 BMG-niň Baş sekretarynyň Halkara Parahatçylygy goraýyş güni mynasybetli iberen habarlary yzygiderli çap edilýär. Häzirki wagtda Parahatçylygy goraýyş bölümi tarapyndan dolandyrylýan 18 hereketde (operasiýada) 72,000-den gowrak harby we 15,000 raýat gullukçylary zähmet çekýärler. Birleşen Milletler Guramasy dünýädäki gapma-garşylyklary durnuklaşdyryjy iň uly köptaraplaýyn gurama bolup durýar.


Öwez ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.