Birleşen Milletler Guramasynyň Döwlet gullugynyň güni

 Birleşen Milletler Guramasynyň Döwlet gullugynyň güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 57-nji sessiýasynda döredildi. Onda kabul edilen Kararda halkara we milli derejesindäki netijeli döwlet dolandyrylyşygy ylalaşylan maksatnamalary amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýändigi görkezilýär. BMG-niň Döwlet gullugynyň güni her ýyl 23-nji iýunda bellenilýär. Bu gün BMG-niň Baş Assambleýasy öz agza ýurtlaryny BMG-niň döwlet gullugynyň işini we durnukly ösüş prosesine goşýan goşandyny giňden açyp görkezýän ýörite çäreleri gurnamaga çagyrýar. BMG-niň halkara hünär baýramçylygy durmuş derejesini ýokarlandyrmak işine döwlet işgärleriniň goşýan bahasyna ýetip bolmajak goşandyna baha bermek maksady bilen döredildi. Döwlet işgärlerine bagyşlanan ýörite senäniň peýda bolmagy döwlet dolandyryş pudagyndaky hünärmenleriň dünýädäki ýurtlaryň syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak ösüşine goşýan goşandyna hormatdyr. BMG-niň Döwlet Gullugy gününde adatça işgärler sylaglanylýar, döwlet gullugynyň ösüşine aýratyn goşant goşan adamlara Birleşen Milletler Guramasynyň baýragy gowşurylýar we dürli forumlar geçirilýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen belli seneler babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Merjen JUMAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.