BAÝRAMÇYLYK DABARASY

2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli diplomatiýanyň dabaralanmagy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara institutyň professor – mugallymlary we işgärleri gatnaşdylar.

Bu baýramçylyk dabarasynda taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amangeldi Rahmanow, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Begenç Baýramow çykyş etdi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny we diplomatiýasyny ylmy esasda öwrenmek babatda meýilnamalaýyn alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde daşary syýasatyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri boýunça işleriň alnyp barylýandygy we geljekde bu işleriň kämilleşdirip amala aşyryljakdygy barada nygtap geçdiler. Şeýle hem, dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli gutlap, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäde Bitaraplyk syýasatyny dabaralandyryp, halkymyzy ynsanperwerligiň aýdyň ýoly bilen ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, arzuw etdiler.

 

Dünýägözel ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby