BAE-niň ilçihanasynyň wekiliniň geçiren okuw sapag

 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wideo aragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi. Oňa Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu okuw sapagyny BAE-niň Türkmenistandaky Ilçihananyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili, onuň Alyhezreti, Jenap Abdulaziz Al Haşemi alyp bardy.

 Sapagyň barşynda hormatly ilçi iki dostlukly ýurduň daşary syýasatlarynyň esasy ugurlarynyň hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň ýollarynyň üstünde durup geçdi. Okuw sapagynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna, şeýle hem syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlardaky gatnaşyklaryň geljegine syn berildi. Hormatly ilçi sapakda iki dostlukly döwletiň Liderleriniň ýakyn işjeň gatnaşyklaryna ünsi çekdi. Şeýle hem BAE-niň hökümetinde ýaşaýan ýaşlaryň we zenanlaryň ygtyýarlyklary we deň hukuklary barada aýratyn belläp geçdi.

 Okuw sapagynyň ahyrynda talyp ýaşlar ilçä özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler.


Aýgül HALMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.