"AK ŞÄHERIM AŞGABAT" ATLY TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

 2021-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň "Ak şäherim Aşgabat" atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, Türkmenistandaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, KHBS- iň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkalygatnaşdylar.

 Dabarany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J. Gurbangeldiýewaçyp, hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň taryhy we şu güni barada çuň mazmunly gürrüň berýän “Ak şäherim Aşgabat” atly täze neşiriniň Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna uly sowgat bolandygyny nygtady.

 Çäräniň dowamynda Özbegistan RespublikasynyňTürkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow, Hytaý Halk RespublikasynyňTürkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, Gazagystan RespublikasynyňTürkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerkebulan Sapiýew hem-de Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maral Mämmetberdiýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B. Mätliýew çykyş edip, bu ajaýyp kitabyň Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabady giňişleýin öwrenmekde ýaş nesillerimiz üçin uly terbiýeçilik mekdebi bolup durýandygyny bellediler.

 Dabaranyň dowamynda çykyş edenleriň aýtmaklaryna görä, “Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar”, “Göwni açygyň ýoly açyk”, “Aşgabat – dünýä binagärliginiň merjeni”, “Toýlar toýa ulaşýar” ýaly baplardan ybarat bolan kitapdapaýtagtymyzyň geçmişi we şu güni, ak mermere beslenen ajaýyp keşbi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Kitabyň gözel paýtagtymyzyň dürli künjeklerinden alnan suratlar bilen bezelmegi neşiriň çeperçiligini has-da artdyrýar.

 Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.


Jennet OMAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.