Ählumumy maslahata bagyşlanan duşuşyk

 2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň, birnäçe döwletleriň we hökümet baştutanlarynyň, ministrleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleriniň, hususy pudagyň we raýatlyk jemgyýetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagaty özgertmek boýunça ählumumy forumynda eden çykyşyna bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guralan bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak we gidrometeorologiýa müdirliginiň başlygy Jumamyrat Saparmyradow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategiýa we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy Atajan Ataýew şeýle hem, onlaýn görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy Natiýa Natswlişwili dagylar gatnaşdylar.

 Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň binýatlaýyn Konwensiýalaryna we resminamalaryna, şol sanda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak arkaly, türkmen döwletiniň öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýändigini hem-de ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge özüniň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini gönükdirýändigini nygtadylar.

 Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmek boýunça, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmek barada teklipleriniň dünýä halklary üçin aýratyn wajypdygy nygtaldy.



Gapbar HALLYÝEW,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy,

Durnukly ösüş maksatlary boýunça 

 ylmy-usulyýet merkeziniň utgaşdyryjysy.