Fakultetler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin zerur bolan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak institutyň öňünde goýlan esasy wezipe bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan institutyň gurluşyna laýyklykda 4 sany fakultet hereket edýär:

— Halkara gatnaşyklary fakulteti;

— Halkara hukugy fakulteti;

— Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti;

— Halkara žurnalistikasy fakulteti.

Institut Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary, Halkara žurnalistikasy boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Institutda 1 sany ylymlaryň doktory, 7 sany ylymlaryň kandidaty, 2 sany dosent, 15 sany uly mugallym, 29 sany mugallym we 4 sany öwreniji mugallym zähmet çekýär

Esasy görkezijiler
348
sany talyp
4
sany ugur
50
sany mugallym