Geljekki ösüşlere badalga

  «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda täze başlangyçlar bilen ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoluna barýar. Şol ösüşler ylym-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüş derejesi, bu ulgamyň merkezlerine ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da tapawutlanýar. Soňky ýyllarda iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrebap sanly tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy bolsa bilim berlişiň hiliniň dünýä tejribesine laýyklykda guralmagyna oňaýly şert döredýär. Ylym-bilime aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda her bir ulgamda bolşy ýaly, bilim-ylym ulgamynda hem sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylyşy amala aşyrylýar. Şeýle ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere, maslahatlara, çärelere online görnüşde gatnaşyp, özara tejribe alyşýarlar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Maksat Muhammedow BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli A.A.Gromyko adyndaky GDA-nyň “ýaş halkaraçylary” atly bäsleşigine, halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Arslankerim Kerimow Germaniýanyň “DAZ” gazeti tarapyndan guralan ýaş žurnalistleriň arasynda makala bäsleşigine “Durnukly Merkezi Aziýa” temasy boýunça gatnaşyp sertifikatlara, şeýle hem, halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Diýar Lomanow Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Ykdysadyýet dersi boýunça açyk internet olimpiadasyna gatnaşyp, III orna mynasyp boldular. Geçirlýän şeýle halkara derejesindäki bäsleşikler talyp ýaşlara dil bilmek başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge, hünär ukyplaryny ösdürmäge giň mümkinçilik, geljekde has-da beýik üstünliklere ýetmäge uly höwes döredýär.

Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.