Sagdyn durmuş ýörelgeleri talyplaryň üns merkezinde

  2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda ýaramaz endikleri ýazgarýan, sagdyn durmuş ýörelgelerini beýan edýän hem-de öwüt-ündew häsiýetli, wideoşekilli  prezentasiýa taýýarlamak boýunça institutyň fakultetleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň şertleri şulardan ybarat boldy:

1. Taýýarlanjak prezentasiýa ýa-da wideoroligiň tekstiniň many-mazmuny;

2. Bedenterbiýäniň adam saglygyna edýän täsirini açyp görkezmek;

3. Ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta berilýän ünsi açyp görkezmek.

  Fakultetleriniň talyplarynyň taýýarlan prezentasiýalarynda  Arkadagymyzyň sagdynlyk ýörelgesini wagyz edýän gyzykly hem-de täsirli çykyşlary  jemlenipdir.

  Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçip, onuň netijesinde Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary birinji orna mynasyp boldylar. Bäsleşige Halkara žurnalistikasynyň fakultetiniň adyndan birinji ýyl talyplar gatnaşyp, olaryň taýýarlan wideoşekilli prezintasiýasy talyplarda hem-de emin agzalarynda aýratyn täsir galdyrdy we uly seslenmä mynasyp boldy.

  Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi talyplaryň okuwdan daşary öz   wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmekligine, Arkadagymyzyň sagdynlyk ýörelgelerini wagyz etmeklige ähmiýeti diýseň ulydyr. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Arkadagymyza şeýle ajaýyp, bagtly, sagdyn durmuşy peşgeş berýändigi üçin köp sagbolsun aýtdylar we mähriban Prezidentimizi, institutymyzyň mugallymlaryny, talyplaryny şeýle-de ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutladylar.