Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýaponiýanyň Meijiuniwersitetiniň arasynda geçirilen wideoşekilli maslahat

  2020–nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýaponiýanyň Meiji uniwersitetiniň arasynda wideoşekilli “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Maslahata Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Sapargeldiýewna Ezimowa, Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Orazowa, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew hem-de Meiji uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary, professor Şermann Susanne, şol uniwersitetiň  Halkara gatnaşyklary boýunça edarasynyň baş hünärmeni, professor Nakaya Çiharu gatnaşdylar.

  Maslahatyň dowamynda  çykyş edenler häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklar barada täsirli gürrüň etdiler. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda  alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleriniň ençemesi bilen oňyn hyzmatdaşlygyň esasynda umumadamzat bähbitli möhüm Maksatnamalaryň kabul edilip, onuň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellediler. 

  Ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň meselelerine aýratyn üns berlip, iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky  ähmiýetli gatnaşyklaryň has-da ilerleýändigini nygtadylar.

  Maslahatyň ahyrynda şeýle işjeň halkara gatnaşyklary ösdürmekde üstünlikli başlangyçlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdyldy.