Wideoşekilli okuw sapagy

2020 – nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti Çary Geldiýewiç Nyýazow Horwatiýanyň Daşary we Ýewropa işler ministrliginiň  Diplomatik Akademiýasynyň diňleýjileri üçin  wideoşekilli okuw sapagyny geçirdi.  Türkmenistanyň Bitaraplygy – onuň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň  esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir.  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurnalan bu okuw sapaga gatnaşyjylar hem baky Bitaraplygymyzyň ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Wideoşekilli okuw sapagynyň dowamynda dosent Çary Geldiýewiç Türkmenistanyň parahatçylyga we hoşniýetlilige esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, bitaraplyk ýörelgeleri we bu halkara meselelerini syýasy we diplomatik usullar arkaly çözmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, şeýle hem “Açyk gapylar” syýasaty barasynda belläp geçdi.

        Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik meselelerini çözmekde özboluşly mümkinçiliklerini, şeýle hem Bitaraplygyň oňyn ornunyň örän ýokarydygyny nygtadylar we birek-birege hoşniýetli arzuwlar etdiler.