TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ TARYHY MUZEÝI

Muzeý iki bölümden, ýagny türkmen diplomatiýasynyň taryhy we häzirkizaman bölümlerinden ybaratdyr. Taryh bölümi maglumatlar bilen baýlaşdyrylandyr. Hususan-da, onuň tekjelerinde diplomatik resminamalaryň görnüşleri – Köneürgenç türkmen döwletiniň hökümdary Atsyzyň Bagdat halyfy Muktefi Liemrillä çäksiz hormatyny bildirip ýazan haty, Mustanjyt Billäni halyflyk tagtyna geçmegi bilen gutlap ýazan haty, Şirwanylar döwletiniň wezirine nesihat hökmünde ýazan hatynyň göçürme nusgalary saklanylýar. 2015-nji ýylyň 21-nji iýuny – 4-nji iýuly aralygynda institutyň

4 sany mugallymyndan ybarat wekiliýetiň Türkiýäniň Stambul şäheriniň Osmanly arhiwinde we golýazma gaznalarynda geçiren ylmy barlag-işleriniň netijesinde Osmanly arhiwinden 102 sany, Süleýmaniýe golýazmalar gaznasynda saklanylýan türkmen diplomatiýasy, taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly 27 sany golýazma kitaplarynyň käbirleriniň CD nusgasy muzeýe getirildi. Muzeýiň häzirkizaman bölüminde institutyň gurluşy, institutyň täze binasynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň eden taryhy çykyşyndan pursatlar, Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň iberen gutlagynyň

asyl nusgasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary boýunça geçirilen halkara maslahatlar, forumlar barada doly maglumatlar, institutyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşan Ähtnamalarynyň sanawy ýerleşdirilen diwarlyklar, institutyň professor-mugallymlary tarapyndan ýazylan okuw kitaplary ýerleşdirilen tekjeler, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde geçirilýän “Ýaş alymlaryň” bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelän ylmy işler, awtoreferatlar, kitaplar, ylmy makalalar, Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt dillerine neşir edilen kitaplary barada maglumatlar we suratlar ýerleşdirilendir.