MASLAHAT – MÖHÜM SENELERE BAGYŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara Bitaraplyk güni we Adam hukuklarynyň halkara güni  mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşinden, Türkmenistanyň Adalat ministrliginden, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyndan wekiller hem-de institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Bu maslahatda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler, Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň konstitusion gurallary babatynda, Adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy jenaýatlaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan çäreler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahatyň dowamynda adam hukugynyň goragy boýunça talyplar bilen sowal-jogap alşyldy, şeýle-de institutyň talyplarynyň aýdym-saz toparynyň çykyşlary diňlenildi.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerine tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar we Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.


Merjen DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

 kafedrasynyň öwreniji mugallymy.