Hasapsyz uçan guş, gonalgasyny ýalňyşar

      2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda saglygy goraýyş we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Hasapsyz uçan guş, gonalgasyny ýalňyşar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda lukman hem-de hukuk goraýjy edarasynyň wekili talyplara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlary, sagdyn durmuş ýörelgesi, milli gymmatlyklarymyza sarpa, türkmeniň aňyrdan gelýän däp-dessurlarynyň, milli ýörelgeleriniň ähmiýeti, ahlak kadalary, hukuk ulgamy, kanunçylyk, jogapkärçilik, özüňi alyp barmak kadalary, esasan hem ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň maşgala baýramydygy ündelip, partlaýjy maddalardan daşda durulmagy, onuň adamyň saglygyna zyýan ýetirip bilmeginiň diňe bir bir ömre däl, eýsem bütin maşgala agzalaryna çenli zyýan ýetirip bilýändigi, sagdyn bolmagyň, dogry iýmitlenmegiň, dogry geýinmegiň we pasyl çalşygynda ýokanç kesellerden goranmagyň düzgünleri barada giňişleýin maglumat berildi. Duşuşygyň ahyrynda talyp ýaşlar ilatyň saglygy barada tagalla edýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.