Bilim

SANLY BILIM ULGAMY

  Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda” Konsepsiýasy bilim almagyň elektron maglumat çeşmesine elýeterliligi üpjün edýär. Bu konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, institutda bitewi maglumat tory, Sanly bilim portaly hem-de web-saýt döredildi. Bu ulgam jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, bilim almagyň bitewi elektron maglumat giňişligini döredýär. Institutyň kitaphanalarynda talyplaryň elektron kitaplardan giňden peýdalanmaklary üçin zerur şertler döredildi. Sanly bilim Konsepsiýasyna laýyklykda, dünýäniň bilim giňişliginde barha giňden ornaşdyrylýan okatmagyň sanly usulyna geçilmeginiň ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hiline oňaýly täsir edýändigini gazanylýan netijeli işler aýdyň görkezýär. Institutda okatmagyň  interaktiw usuly ösen kompýuter tilsimatlaryna daýanýar. Mugallymlar tarapyndan daşary ýurt dili dersleri okadylanda innowasion tehnologiýalar, ýagny, audio-wideo ýazgylary, interaktiw tagta, lingafon enjamlary we görkezme esbaplary ýerlikli ulanylyp, talyplaryň eşitmek, diňlemek we düşünmek, öz pikiriňi erkin beýan etmek ýaly endiklerini artdyrmaga üns berilýär. Institutda hereket edýän okuw hem-de usulyýet merkezlerinde ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşyk arkaly wideokonferensiýalary geçirmek tejribesi ýola goýuldy. Bu ýerde döredilen sanly bilim portaly hem-de elektron kitaphana gory talyplara zerur wagtynda olardan elýeterli peýdalanmaga mümkinçilik döretdi. Tutuş dünýäde sanly ykdysadyýetiň zerurlyga öwrülen häzirki zaman şertlerinde sanly ulgam boýunça bilimleri artdyrmagyň bu oňyn tejribesi institutyň mugallymlarynyň geljekki ýaş türkmen diplomatlaryny taýýarlamak babatyndaky möhüm hünär işinde kämilleşmeginde, kompýuter endikleriniň we tehnologik sowadynyň artmagynda uly ähmiýete eýe boldy.

Esasy görkezijiler
4
sany taýýarlygyň hünärmen ugurlary
3
sany taýýarlygyň bakalawr ugurlary
3
sany taýýarlygyň magistr ugurlary
369
sany hünärmen maksatnamasy boýunça bilim alýan talyplar
45
sany bakalawr maksatnamasy boýunça bilim alýan talyplar
36
sany magistr maksatnamasy boýunça bilim alýan talyplar
50
sany mugallym