UNODC-nyň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy okuw sapagyny geçdi

2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýadaky sebitleýin  wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal okuw sapagyny geçdi. Bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy.

Hanym Aşita Mittal okuw sapagynyň dowamynda  UNODC-nyň ýurtda we sebitde guramaçylykly transmilli jenaýatçylyga, neşe serişdelerine, adam söwdasyna, ekstremizme we terrorçylyga, bikanun önümçilige garşy gönükdirilen işler we degişli esasy konwensiýalar barada çykyş etdi. Şeýle hem ýurdumyz  neşe serişdelerine, adam söwdasyna we terrorçylyga garşy göreşmek babatynda 2020-2024-nji ýyllar üçin zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny hem-de adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň  milli  meýilnamasyny kabul etdi.

Okuw sapagynyň  ahyrynda  talyplar bilen sorag-jogaplar alyşyldy. Bu duşuşyk talyplaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýadaky işleri baradaky bilimlerini baýlaşdyrmaga ýardam etdi.


Beggeldi GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň

 III ýyl talyby.