Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni – möhüm sene

 Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gü­ni her ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýär. Bu sene BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol BMG-niň düzümindäki ähli ýurtlarda we guramalarda giňden bellenilýär.

 Her ýyl däp bolşy ýaly, ýurdumyzda  daşky gurşawy goramak ugrunda düýpli çäreler, ýowarlar we bag ekiş dabaralary geçirilýär. Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen 15 günlük daşky gurşaw çäresi munuň aýdyň mysalydyr. Şu ekologiýa çäresiniň barşynda şäherimizde abadançylyk işleri geçirildi we birnäçe agaç nahallary ekildi.

 Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen ýurdymyzda welosiped sürmek däbi hem ýola goýuldy. Ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänler ýollara  çykýarlar. Welosiped ýörişleriniň esasy maksady hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.

 Bütindünýä daşky gurşaw güni ekologlaryň, we daşky gurşaw guramalarynyň, her bir adamyň ünsüni daşky gurşaw meselelerine çekmäge gönükdirilendir.

                                             

Aknur ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.