Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi

  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi2016-njy ýylda açylyp, merkezde «Iş dolandyryjylyk (kanselýariýa işi); «Diplomatik poçta we hat alşygy», «Arhiw işi» ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuw merkeziniň uçurymlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynda iş tejribeligini geçenden soň, döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryna işe ugradylyp, ol ýerlerde iş dolandyryjylyk (kanselýariýa işi), iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak, resminamalary bir nusga getirmek, diplomatik poçta we hat alşygy, diplomatik çapar, diplomatik resminamalar bilen işlemek, arhiw işi, resminamalary saklamak we olaryň durkuny dikeltmek, iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak boýunça işleri alyp barýarlar. Şu wagta çenli okuwlaryň dört tapgyrynda 86 sany hünärmen taýýarlanylyp, olaryň 4-si Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna işe kabul edildi, galanlary dürli pudaklarda zähmet çekýärler.