Halkara bilimler güni

"Ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir”.

      Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

      24-nji ýanwar her ýyl bilime bagyşlanyp geçirilýän halkara baýramçylyk günüdir.  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bilimiň ähmiýetini bellemek üçin 24-nji ýanwary Halkara bilimler güni diýip yglan edýän karary kabul etdi. Bu gün, bilimiň esasy hukuklaryň we jemgyýetçilik bähbidiniň biri hökmünde tassyklamagyny maksat edinýär. Häzirki wagtda 262 million çagalar mekdepden çykýar;  617 million çagada we ýetginjekde esasy okamak we sanawdan baş çykarmak endikleri ýok. Öz içinde deňhukukly bilimini üpjün etmezden, hemmeler üçin ömürboýy okuw mümkinçiliklerini döretmezden, milletler millionlarça çagany, şeýle hem ýaşlary we ululary ösüş prosesiniň daşynda galdyrýan garyplyk aýlawyny bozup bilmez. Bu kynçylyklary ýeňip geçmek we geljekki onýyllyklary çaklamak üçin ÝUNESKO BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýyldaky ählumumy bilim perspektiwalary başlangyjy bilen başlady.  Bu başlangyç, bilimiň  adamzadyň we bütindünýäniň geljegini nähili döredip biljekdigi barada täzeden gözden geçirmegi maksat edinýär.

     ÝUNESKO-nyň baş müdiri hanym Odre Azuleniň Halkara bilim gününe bagyşlap ýazan haty:

  -“Birleşip tagallalarymyzy güýçlendirmek meselesiniň öňküsinden has derwaýys bir döwürde  ÝUNESKO bu pursatdan peýdalanyp, bilimiň bähbidine herekete çagyryş bilen ýüz tutýar.  Biziň hemmämiz - ýokary derejeli syýasy ýolbaşçylar we ýönekeý raýatlar, döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary, mugallymlar we ene-atalar. Bilim almak hukugyny hemmelere deňlikde hakykata öwürmek üçin her kim öz ýerinde işlemeli.  Bu geljekki nesiller üçin biziň jogapkärçiligimizdir” diýip, belleýär. Bu halkara sene, adamlaryň durmuş özgertmelerini döretmegine, bütindünýä howpsuzlygyny üpjün etmekde, şeýle-de abadançylyga we parahatçylyga tarap goşantlaryny ýollar.

      Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler şu belent asylly maksatlara ýetmäge, bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine laýyk gelýän hil taýdan täze sepgide çykarmaga ýardam edýär.

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmelerini mynasyp dowam etdirijiler bolan biz ýaşlar, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý, ýokary ahlakly, bilimli ýaş nesilleri kemala getirmek üçin hemme şertleriň döredilmegi ugrunda alada edýän mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, alyp barýan ýurt we adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn.

  Öwez ÖWEZOW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.