“6-njy aprel Halkara sport güni – parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna”

 Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek, sport döwleti hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda abraýyny pugtalandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

 Dünýä, yklym we sebit derejesinde Türkmenistanyň iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülmegi Bitarap döwletimiziň oňyn, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk häsiýetli daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilýär.

 Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-njy sessiýasynyň 96-njy umumy mejlisinde «6-njy aprel Halkara sport güni – parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly 67/296 belgili Kararnamasy kabul edildi.

 Döwletimiz Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, diýarymyzda birnäçe iri halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirdi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda bolsa «Amul – Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyny, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatlaryny bellemek bolar. Bu sport ýaryşlarynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp goramagy başardylar.


Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby