Ýaşlar üçin wideo bäsleşigi: howanyň üýtgemegi meselesine garşylyk

BMG-niň indiki ýylyň oktýabr aýynda Glazgoda (Beýik Britaniýa) açyljak Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisiniň öňüsyrasynda “Earthbeat Challenge” halkara wideo taslamasy işe girizilýär.

“Tebigat bilen deňagramlylygy dikeltmek” mowzugynyň çägindäki bu başlangyç dünýä ýaşlaryna munuň üçin zerur ýerlik, gural we bilim bermek bilen, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin çäre görmäge mümkinçilik döretmegi maksat edinýär. “Earthbeat” ýaşlara howa we tebigat bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge işjeň gatnaşyp bilmekleri üçin, sanlar arkaly beýan ediş we galamgärlik endiklerini ösdürmäge mümkinçilik bermek maksady bilen işlenip düzülipdi.

“Biz ýaşlaryň internetdir tehnologiýanyň mümkinçiliklerini ulanmagy, ähli ýerli başlangyçlara goşulmagy we jemgyýetçilik hereketlerini global özgerişler hereketine öwürmegi üçin mümkinçilik döretmek isleýäris” diýip, “Earthbeat Challenge”-iň guramaçysy Nik Turner aýtdy.

Mysal üçin, bäsleşigiň çäginde 14 bilen 30 ýaş aralygyndaky ýaşlara, oba ýa-da şäher ýerlerinde biodürlüligi we ekosistemalary goramak hem dikeltmek ugrunda iş geçirmek bilen, klimat krizisine garşy göreşe eden goşantlaryny görkezýän üç minutlyk wideo döretmek teklip edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli soragnamany doldurmaly we, oňa filmiňizi çatyp, earthbeat@youth4planet.org. salgysyna ibermelidir.

Halkara kazylar topary ähli arzalary gözden geçirer we ýakyn wagtda dünýä derejesinde geçiriljek çärelerde, şol sanda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatynda-da görkeziljek iň gowy filmleri saýlar. Tapawutlanan gatnaşyjylar onlaýn formatda film döretmek boýunça kämilleşdiriş okuwyna gatnaşmaga we film döretmek üçin gerekli enjamlary (smartfonlar üçin daşky mikrofonlary we programma üpjünçiligini) almaga mümkinçilik gazanarlar. Möhüm maglumatlary öz içine alýan filmler, şeýle hem film döretmäge gizlin mümkinçiligi bolan kinematografiýaçylar üçin aýratyn baýrak göz öňünde tutulypdyr.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/56375/yaslar-ucin-wideo-baslesigi-howanyn-uytgemegi-meselesine-garsylyk