“Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy: parahatçylygy döretmegiň ykrar edilen ýörelgesi” temasy boýunça düzme bäsleşigi

Ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyny wagyz etmek we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Ýaş diplomatlar mekdebi “Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy: parahatçylygy döretmegiň ykrar edilen ýörelgesi” temasy boýunça düzme bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna düzmelerini ýollap bilerler. Bäsleşige hödürlenýän düzmelere aýratyn talaplar bildirilmeýär.

Düzme bäsleşiginiň netijeleri 2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda eminler topary tarapyndan kesgitlener.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

 

Guramaçylyk topary


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

https://iirmfa.edu.tm/site-admin/rainlab/blog/posts/update/1598