3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni

 Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni 1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 3-nji maýynda giňden bellenilip geçilýär. Bu gün barada 1993-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýörite Rezalýusuýa bilen, şeýle-de, hem, Ykdysady we Jemgyýetçilik guramasynyň teklibi bilen kabul edildi. Bu gurama bolsa, 1991-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň 26-njy  baş konferensiýasyna ýolbaşçylyk edipdi. Bu konferensiýada ÝUNESKO-nyň 3-nji maý senesini teklip etmesi ýöne ýerden däldir. Çünki bu gün “Windhuk” deklarasiýasynyň kabul edilen günüdir.

 Her ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretariýasynda Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni mynasybetli birnäçe hatlary çap edilip halk köpçüligine ýetirilýär. 2006-nji ýyldaky neşirde bolsa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hiç bir zada gulluk etmeli däldigi, erkin bolmalydygy barada aýratyn bellenilip geçilýär. Bütindünýä neşir azatlygy güni esasan hem, metbugat azatlygynyň we söz azatlygynyň ähmiýetine düşünmeklige bagyşlanýar.

 Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni halkara jemgyýetçiligine her ýyl neşir azatlygy we söz azatlygy adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy hukukdygyny ýatladýar. Erkin neşir we maglumata erkin elýeterlilik, jemgyýetdäki ýagdaýlar barada adamlaryň habardarlygyny ýokarlandyrmak arkaly ösüş meselelerini çözmeklige uly ýardam edýär. Şeýlelik bilen, adamlar jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlara işjeň gatnaşmaga uly mümkinçilikler alýarlar. Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni öz Watany üçin wepat bolan žurnalistleriň hatyra güni mynasybetli metbugat işgärlerini hormatlap birnäçe köpçülikleýin çäreler we konferensiýalar geçirilýär.

 Mundan başga-da, bu gün metbugat işgärleri, metbugat azatlygynyň guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri bütin dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we metbugaty birnäçe howplardan goramagyň täze usullaryny tapmak üçin ýygnanýarlar.

 Şeýle hem, 1997-nji ýylyň 3-njii maýyndan bäri ähli metbugat azatlygy ugrunda goşýan goşandy üçin her ýyl žurnalistlere we ähli ýazyjylara ÝUNESKO-nyň ýörite baýragy gowşurylýar.

 

Aýsenem ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

  Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.