“KANS-2021” atly ylmy bäsleşik

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Mustafa adyndaky ylym we tehnologiýa gaznasy tarapyndan “KANS-2021” atly ylmy bäsleşigi geçirilýär. Oňa YHG agza ýurtlaryndan ylmy işgärler we talyplar gatnaşmaga çagyrylýar. Ýaryşa 45 ýaşa çenli alymlar, talyplar, dalaşgärler we aspirantlar gatnaşyp biler. Gatnaşyjylar öz ylmy açyşlaryny, makalalaryny, kitaplaryny hödürläp bilerler. Eminler topary tabşyrylan işleri seljerip, ýeňijileri yglan ederler we sylag gowşurarlar.

Ýaryşyň esasy maksady  - Yslam dünýäde duş gelýän meselelere ylmy çözgüt tapmakdyr. Ýaryş esasy bäş ugur boýunça geçiriler:

  • saglygy goraýyş;
  • energiýa;
  • ykdysadyýet;
  • suw we daşky gurşaw;
  • maglumat we aragatnaşyk.

“KANS-2021” atly ylmy bäsleşigi barada içgin maglumat almak üçin şu web-saýta ýüz tutup bilersiňiz https://kans.mstfdn.org.