«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty»

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň we beýleki hünärleriň talyplarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşiginiň 

DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap žurnalistikany ösdürmek, şeýle hem 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda internet žurnalistikasyny, fotožurnalistikany ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, talyp ýaşlarda öz hünärine bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem bu ugurda berilýän bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň we beýleki hünärleriň talyplarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigini geçirmek üçin şu Düzgünnama taýýarlanyldy.  


Umumy Düzgünler

Şu Düzgünnama ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň we beýleki hünärleriň talyplarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigini (mundan beýläk – «Bäsleşik») guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe ýurdumyzyň bilim syýasatynyň esasy ugurlaryny giňden açyp bilýän zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň we beýleki hünärleriň talyplarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigini geçirmek Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyna doly geçendigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyplydygyny görkezer.

Bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.


Bäsleşigiň maksady:

  • a) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda we  2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly beren tabşyryklary esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde we beýleki hünärlerde okaýan talyplarynyň arasynda wagyz işiniň wajyplygyny düşündirmek, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasyna bolan garaýyşlaryny, aň we syýasy düşünjelerini giňeltmek, ösdürmek bilen bir hatarda ýurdumyza, geçmiş taryhymyza hormat-söýgüni döretmek;
  • b) Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG we beýleki halkara guramalary tarapyndan giňden goldanylýan halkara başlangyçlarynyň, GDA-nyň çägindäki hoşniýetli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini giňden wagyz etmek;
  • ç) žurnalistikanyň makala, reportaž, interwýu, oçerk we beýleki žanrlarynda ýazmak endiklerini kämilleşdirmek;

d) talyp ýaşlarda öz kärine bolan höwesini, hakyky wakalara seljerme bermek ukybyny ösdürmek;

e) bäsleşige işjeň gatnaşmak arkaly ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek;

ä) beýleki hünärde okaýan talyplaryň arasynda döredijilik ukybyny has hem artdyrmak, şeýle hem öz hünärinde okaýan talyplaryň hünärine bolan höwesini artdyrmak.


Bäsleşigiň wezipesi:

  • hünärine ökde, ýazyp, döwrüň möhüm meselelerine düşünip, seljerip bilýän, döwlet syýasatyny, ideologiýasyny düşündirip bilýän syýasy žurnalistleri taýýarlap ýetişdirmek;
  •  häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly döredijilige bolan  gyzyklanmany döretmek;

ç) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär endiklerini artdyrmaklaryna oňyn şertleri döretmek;

d) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.


Bäsleşige ugradylýan makalalar şular esasynda bahalandyrylar: 

  • bäsleşige ugradylan makalada gozgalýan meseläniň wajyplygy we täzeçilligi;
  • Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda gazanan üstünlikleriniň makalada (halkara hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sport) haýsy hem bolsa bir ugra gönükdirilişi;

ç) makalanyň tema bilen sazlaşykly beýan edilişi we degişli çeşmeleriň ulanylyşy;

d)  makalada çeperçilik serişdeleriniň ulanylyşynyň ussatlygy.


Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

Ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň we beýleki hünärleriň talyplarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk we Eminler topary döredilýär.

 

2.2. Guramaçylyk topary:

Ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň we beýleki hünärleriň talyplarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar.

 

Eminler topary: 

2.3. Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň wekillerinden ybarat bolar. Eminler toparynyň düzümini we onuň başlygyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory tassyklaýar.

2.4. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan gelip gowşan makalalara bellenilen talaplar boýunça adalatly baha berýär we ýeňijileri kesgitleýär.

 

Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

  • Bäsleşige ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde we beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.
  • Bäsleşige gatnaşýan her bir talyp makalasyny we degişli maglumatlary (talybyň ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw mekdebi, okaýan ýyly we hünäri) elektron görnüşinde hgi.hzkafedra@online.tm      e-mail salgysyna ýollamaly.
  • Bäsleşik iki dereje boýunça geçiriler:
  • I derejä – žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşyp biler;  
  • II derejä – žurnalistika hünärinden başga islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp biler.
  •  Bäsleşige hödürlenjek çeper-publisistik makalalaryň temasy: «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty».
  • Bäsleşige gatnaşýan talyp makalany özbaşdak ýazmaly, göçürilen bolmaly däl. Makala awtoryň özi tarapyndan tabşyrylmaly (30 müň belgiden köp bolmaly däl), eger-de makala plagiat bolan ýagdaýynda bäsleşikden aýrylar.
  • Bäsleşige hödürlenýän makala türkmen ýa-da  rus dillerinde bolmaly, hiç bir ýerde çap edilen ýa-da  web saýtlarda ýerleşdirilen bolmaly däl.

Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen bäsleşige gatnaşýan talyp eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

Arz-şikaýatlara eminler topary tarapyndan serediler we ahyrky netije eminler toparynyň başlygy tarapyndan kesgitlener hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly çeper-publisistik makalalar bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

 

  • Bäsleşigiň netijesi eminler topary tarapyndan beriljek ballaryň jemi boýunça kesgitlener.
  • Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar.
  • Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III ýerler (1-nji we 2-nji derejeler boýunça diplomlar) bilen sylaglanar.
  • Bäsleşikde baýrakly oruna mynasyp bolup bilmedik, ýöne baýrakly orunlara dalaş eden makalalaryň awtorlary höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylar. Ýeňijileriň makalalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynda ýerleşdiriler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlary (talybyň ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw mekdebi, okaýan ýyly we hünäri) we bäsleşige tabşyryljak makalalary institutyň hgi.hzkafedra@online.tm e-mail salgysy arkaly kabul etmek 2021-nji ýylyň 15-nji iýuly we 15-njy sentýabry aralygynda amala aşyrylar.


Habarlaşmak üçin:

Tel: +993 12 22-68-52,

E-mail: hgi.hzkafedra@online.tm