BÄSLEŞIK

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara ynsanperwerlik hukugyny we Halkara Gyzyl Haç Komitetini esaslandyryjy Anri Dýunanyň doglan güni mynasybetli

ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçiriljek 

 

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNLERI

 

Halkara ynsanperwerlik hukugyny we Halkara Gyzyl Haç Komitetini esaslandyryjy Anri Dýunanyň doglan gününe bagyşlanyp, 2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hukuk fakultetleriniň talyplary üçin halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bäsleşik yglan edýär.


  • Bäsleşigiň esasy maksady: Bu bäsleşik Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimleri özünde jemlemek bilen, bäsleşige gatnaşyjylaryň halkara hukugy we halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimlerini artdyrmaga we tejribede ulanmagyna gönükdirilendir.
  • Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda gurnalýar.
  • Bäsleşik bilen baglanyşykly ähli meseleler diňe bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan çözülýär.
  • Bu bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 6 sany talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşmaly.
  • Her toparyň özleriniň saýlap alan nyşany bolmaly.
  • Bäsleşik 4 şertden ybarat bolup, bäsleşige gatnaşyjylar öňünden berlen şertlere laýyklykda taýýarlanýarlar. Şeýle hem, şertleri dogry we dürs berjaý etmeklik ähli gatnaşyjylar tarapyndan talaba laýyk ýerine ýetirilmelidir.
  • Bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär (rus we iňlis dillerinde jogaplar kabul edilýär)
  • Bäsleşik döwründe oňa gatnaşyjylar hiç hili päsgelçiliksiz Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça Konwensiýalardan peýdalanyp bilerler.
  • Bäsleşigiň netijeleri boýunça emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda jemlenýär.
  • Bäsleşigiň netijelerine görä, eminler iň gowy topara we iň gowy çykyş edene Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar berler.
  • Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlar institutyň portalynda we institutyň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdiriler.
  • Bäsleşigiň geçiriljek ýeri we wagty: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.  2021-nji ýylyň 7-nji maýy. Sagat 14:00.

  • Jogapkär: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnayşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy, “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagy. (D.Ballyýewa)


  • Bäsleşigiň şertleri: 
  • Tanyşdyrylyş: ­(her topar özüniň adyny we saýlap alan adynyň maksadyny düşündirmeli, çekilen görnüşde plakatlary we emblemalary bolmaly) dowamlylygy 5 minut.
  • Dürli soraglar: (alyp baryjy tarapyndan beriljek soraglara anyk dilden jogap bermek) 
  • Topar baştutanlarynyň bäsleşigi: (toparlaryň baştutanlary bije çekmek arkaly özüne düşen soraga jogap bermeli) 

 Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça prezentasiýa ýa-da wideorolik taýýarlamak: (dowamlylygy 5-7 minut)