20-nji iýun – Bütindünýä bosgunlar güni

 Dünýäde parahatçylygy goramak babatda BMG uly tagallalary edýär. Şeýle-de bolsa käbir ýurtlarda döreýän kyn ýagdaýlar sebäpli adamlar ata-babasy ýaşap gelen öýlerini taşlap başga ýurtlara göçmeli bolýarlar. Bu ýagdaýlary aradan aýyrmak, şeýle hem başga ýurtlara göçüp baran bosgunlaryň hukuklaryny goramak her bir halkyň ynasanperwerlik borjy bolup durýar.

 Her ýylyň 20-nji iýuny Bütindünýä bosgunlar güni hökmünde bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2000-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky rezolýusiýasy esasynda Bütindünýä bosgunlar güni ilkinji gezek 2001-nji ýylda bellenildi. 1951-nji ýylda kabul edilen Bosgunlaryň statusy hakyndaky konwensiýa 2001 –nji ýylda 50 ýyl doldy. Bu konwensiýada “Bosgun” düşünjäniň manysy açylyp görkezilýär, şeýle hem olaryň hukuklary we azatlyklary, ýurtlaryň bosgunlar bilen gatnaşygy düzdünleşdirilýär.

 Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bosgunlaryň abadançylygy, olaryň hukuk goraglylygy barada aladalar edilýär. Her ýyl bosgunlara ýurdumyzyň raýatlygy berilýär. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bosgunlar, olaryň durmuşy babatda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Nurmyrat AZADOW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby