Biz barada

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Ýakyn geljekde türkmen diplomatiýa gullugynyň esasyny düzmek, beýleki döwletlerde we halkara guramalaryndadaşary ykdysady gatnaşyklar ulgamynda,

dünýäniň maglumatlary we hukuk giňişliginde Türkmenistana wekilçilik etmek hut siziň

wezipäňiz bolar. Özüňize ýüklenen jogapkärçilige mynasyp boluň, öz Watanyňyzy söýüň, oňa buýsanyň,

watançylar boluň, ýöne şunda beýleki ýurtlara we halklara,olaryň taryhynamedeniýetine,

däp-dessurlaryna hormat goýuň. Halkara parahatçylygynydostlugy we hyzmatdaşlygy

pugtalandyrmagyň hatyrasyna öz ýurdumyza hyzmat etmek siziň borjuňyzdyr

Bu belent ýörelgeler ýol görkeziji şamçyragbu gün okuwyňyzyň, ertir bolsa siziň işiňiziň

 esasy many-mazmuny bolmalydyr.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin zerur bolan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak institutyň öňünde goýlan esasy wezipe bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan institutyň gurluşyna laýyklykda bu ýokary okuw mekdebinde fakultetleriň 4-si hereket edýär:

— Halkara gatnaşyklary fakulteti;

— Halkara hukugy fakulteti;

— Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti;

— Halkara žurnalistikasy fakulteti.

Institutda kafedralaryň 6-sy bar:

1. Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy;

2. Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy;

3. Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy;

4. Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy;

5. Dünýä dilleri kafedrasy;

6. Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy.


 Institut Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary, Halkara žurnalistikasy boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýerde 1 sany ylymlaryň doktory, 7 sany ylymlaryň kandidaty, 1 sany dosent, 14 sany uly mugallym, 31 sany mugallym we 4 sany öwreniji mugallym zähmet çekýär.

2020-2021-nji okuw ýylynyň başyndaky ýagdaýa görä, institutyň mugallymlary tarapyndan çap edilen kitaplaryň sany 53-e ýetip, şol sanda 37 sany okuw kitaby, 3 sany okuw gollanmasy, 5 sany monografiýa we 8 sany sözlük neşir edildi.

 «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» geosyýasy we geoykdysady, hukuk, medeni-gumanitar ugurlaryny ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen institutda 6 sany ugur boýunça  köpçülikleýin ylmy işler hasaba alnyp, her kafedrada öz ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan bellige alnan temalara laýyklykda ylmy işleri alyp barýar.


 2009-njy ýyldan başlap institut öz uçurymlaryny işe ýollap ugrady. 2009-2020-nji ýyllar aralygynda uçurymlaryň 586-sy instituty tamamlap, şolaryň 88-si tapawutlanan diplomlara mynasyp boldular. Institutyň uçurymlarynyň 141-si ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna (25-si institutymyzyň özünde), hukuk goraýjy edaralaryna 63-si, Ykdysady we maliýe toplumyna 102-si, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetine, şäher we welaýat gazetleriniň redaksiýalaryna 52-si, şeýle hem 228-si dürli edara-kärhanalara işe ugradyldy. Olaryň birnäçesi Diýarymyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda işleýär.

 Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 31-nji maýynda çykaran 13031-nji Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda önümçilik tejribeligini geçmekleriniň tertibi hakynda Düzgünnama esasynda 2014—2019-njy ýyllar aralygynda institutyň 5-nji ýyl talyplarynyň 131-si döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçdiler.

Esasy görkezijiler
348
sany talyp
4
sany ugur
50
sany mugallym